2022-nji ýylda Türkmenistanda 2 müň 300 tonna pile öndüriler

  • 26.02.2022 16:45
  • 3.4k+

Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2022-nji ýylda 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 440 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Welaýatlaryň häkimliklerine Karara laýyklykda, pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......