Trampyň sosial ulgamy App Store-de iň köp ýüklenen programma boldy

  • 24.02.2022 15:48
  • 11k+

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp tarapyndan döredilen Truth Social sosial ulgamy ABŞ-da App Store-da iň köp ýüklenilip alynýan mugt programma boldy diýip, Reýter agentligi habar berýär.

Programma 20-nji fewralda agşam işe girizildi. Truth Social programmasy bu sosial ulgamyny ýüklemek üçin deslapky sargyt beren ulanyjylara degişli bolan Appla enjamlaryna awtomatik ýagdaýda ýüklenildi. Programmany ýükläp almak üçin islegiň aşa köp bolanlygy sebäpli käbir ulanyjylar ony ýükläp almakda kynçylyk çekdiler.

Sosial ulgamy döredijileriň aýtmagyna görä, ol mart aýynyň ahyryna çenli ABŞ-nyň tutuş çäginde doly derejede işe girer. Soňra Truth Social beýleki ýurtlaryň hem ulanyjylaryna elýeterli bolar.

Ýatlatsak, Donald Tramp tarapdarlarynyň 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ABŞ-da Kapitoliýa hüjüm edenlerinden soň, olary zorlukly herekete çagyrýan habarlary ýaýratmakda aýyplanylyp Twitter-de, Facebook-da we YouTube-da bloga düşürildi. Muňa jogap edip, ol hususy sosial ulgamyny döretjekdigini aýtdy.


düýn 13:01
5.8k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.05.2026 14:49
3.9k+

Nýu-Jerside DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda bir köçä Messiniň ady dakyldy

Berkli-Haýts şäherçesindäki (Nýu-Jersi ştaty) Şerman-awenýu köçesiniň bir bölegine wagtlaýyn «Lionel Messi ýoly» ady berildi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu köçäniň adynyň hemişelik üýtgedilmegi......

18.05.2026 14:48
3.7k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....