Türkmen Lideri täze doglan alabaýa Eýýam diýip at goýdy

  • 24.02.2022 07:48
  • 13k+

23-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.      

Döwlet Baştutany bu ýerde, ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça at goýan taýçanagy bilen didarlaşdy. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylandygyndan ugur alyp, bu taýçanaga Zaman diýip at dakypdy...

Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek haýyş edildi. Döwlet Baştutany ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.

Türkmen Lideri: «Goý, bu alabaý ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň täze eýýamynyň batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuwlar etdi.

Soňra döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meýdançasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda hoşallygyň nyşany hökmünde halkymyz tarapyndan sowgat berlen Garaşsyz atly ajaýyp gyr at bilen didarlaşdy hem-de onuň bilen birsellem gezim etdi.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......