Pekindäki Gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy

  • 21.02.2022 14:05
  • 5.6k+

Pekindäki Gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah yglan etdi.

Oýunlaryň ýapylyş dabarasy Pekindäki Milli stadionda geçirildi.
Olimpiadanyň barşynda jemi baýraklaryň 109-sy oýnaldy, Oýunlara 91 ýurtdan 2800-den gowrak türgen gatnaşdy.

Norwegiýanyň milli ýygyndysy bir Olimpiýa oýunlarynda altyn medallaryň sany boýunça rekord goýdy (16 sany).
Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna 91 sany Milli Olimpiýa Komitetleri gatnaşdy. Gaiti we Saud Arabystany Gyşky Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşdy. Arakesmeden soň, Amerikan Samoasynyň, Perunyň, Trinidad we Tobagonyň, Wirgin adalarynyň milli ýygyndylary gatnaşdylar.
Indi 4-nji martda Pekinde Paralimpiýa oýunlary badalga alar. Olar 13-nji marta çenli dowam eder.
2026-njy ýyldaky Gyşky Olimpiýa oýunlary Italiýanyň Milan we Kortina-d'Ampesso şäherlerinde geçiriler.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

15.03.2026 19:17
2.4k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...