Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäri bellige alyndy

  • 17.02.2022 08:59
  • 31k+

16-njy fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ol Agrar partiýanyň 15-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi hem-de biragyzdan makullanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy. A.Bekmyradow Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisine gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öz bilimini, ukyp-başarnygyny we tejribesini bildirilen ynamy ödemäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......