Türkmenistan gender deňligine bagyşlanan sebitleýin çärä gatnaşdy

  • 16.02.2022 12:37
  • 7.6k+

15-nji fewralda Aşgabatda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.

Bu duşuşygyň maksady Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna 66-njy mejlisiň geňeşmelerine taýýarlyk görmekde goldaw bermek hem-de howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi hem-de tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda ýagdaýy düýbünden üýtgedýän hereketler boýunça tejribe alyşmak, maslahat bermek, şeýle-de onuň geljegine bolan sebit garaýyşlaryny kemala getirmek üçin bilelikde esasy umumy pikirleri ylalaşmakdan ybaratdyr. Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Iki mejlisiň dowamynda howanyň üýtgemegi we munuň sebitde zenanlaryň ýagdaýyna täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de tejribe alşyldy, howanyň, daşky gurşawyň üýtgemegi, betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda hereketler boýunça maslahatlar işlenip taýýarlanyldy. 


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......