«Baýeriň» baş tälimçisi: «Azmun 3-4 hepdeden doly taýýarlykly bolar»

  • 10.02.2022 19:13
  • 9.6k+

“Baýeriň” baş tälimçisi Herardo Seoane hüjümçi Serdar Azmunyň ýagdaýyna baha berdi. 

“Siňir damarlarynyň şikesi ony henizem alada goýýar, ol bejergi talap edýär. Men onuň oýnamaga haçan taýýar boljakdygyny anyk aýdyp biljek däl.

Azmun doly taýýar bolýança, ýene üç-dört hepde gerek bolar. Bu onuň şol wagta çenli elýeterli bolmajakdygyny aňlatmaýar, ol goşmaça işleýär” – diýip, “Bild” tälimçiniň sözlerini getirýär. 
Azmun ýanwar aýynyň ahyrynda “Zenitden” “Baýere” geçdi. Ilkibaşda 27 ýaşly eýranly nemes kluby bilen 2022/2023-möwsüminden güýje girmeli deslapky şertnamany baglaşdy, ýöne soňrak taraplar şertnamany gyşky transfer penjiresinde resmileşdirmek barada ylalaşdylar.  


şu gün 15:15
7.5k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

düýn 09:02
4.3k+

​«Kristal Pelas» UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy

Angliýanyň «Kristal Pelas» futbol kluby UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy. Leýpsig şäherinde geçirilen final duşuşykda ol Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» toparyndan 1:0 hasaby bilen üstün çykdy....

27.05.2026 18:20
6.4k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

27.05.2026 10:11
7k+

Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň......