«Barselonanyň» bergisiniň möçberi bir milliard ýewrodan geçdi

  • 06.02.2022 01:26
  • 7.5k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby 2021-nji ýyly 1,2 mlrd ýewro karz bilen tamamlady. Bu barada toparyň saýtynda aýdylýar diýip, Lenta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Deloitte kompaniýasynyň geçiren barlagyna görä, “Barselonanyň” ýitgileri 481 mln ýewro bolup, aýlyk gaznasy beýleki öňdebaryjy klublaryňkydan 40 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde topar gymmat oýunçylardan, şol sanda hüjümçi Lionel Messiden hem ýüz öwrüp, bir ýylyň dowamynda töleg sanawnamasyny azaltdy. 
Klubuň müdirler geňeşi mümkin bolan galplyklar barada maglumatlary Barselonanyň prokraturasyna tabşyrdy. Häzirki wagtda bu işde anyk adamlar ýok. 
20-nji awgustda katalon klubunyň ýolbaşçylygynyň karz almak we karz borçnamalarynyň bir bölegine täzeden garamak barada ylalaşyk gazanandygy belli boldy. Klub 455 mln ýewro möçberinde karz aldy. 
“Barselona” koronawirus pandemiýasy sebäpli maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Klub futbolçylaryň meýletin razylygy bilen olaryň aýlyk haklary üçin çykdajylary azaltmagy başardy. 


16.01.2026 15:59
6.1k+

Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady. Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy...

11.12.2025 17:25
1.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

19.11.2025 23:16
19k+

Tramp Ak tamda Ronalduny kabul etdi we ony ähli döwrüň iň beýik oýunçysy diýip atlandyrdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär. Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi...

30.10.2025 10:43
4.7k+

Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy

Argentinanyň Merkezi banky «asyryň goluna» – Maradonanyň geçiren meşhur goluna bagyşlanan ýörite şaýy puluny çykardy. Bu şaýy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gabatlanyp taýýarlanyldy. Şol çempionata Argentina ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde gatnaşar...