Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin!

  • 04.02.2022 17:07
  • 63k+
Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin!

Her birimizde beýik maksatlar bar, belent sepgitlere ýetesimiz gelýär. Hyýallarymyzda janlandyran durmuşymyzy çyndan ýaşasymyz gelýär. Munuň üçin anyk maksat bilen birlikde şolary amala aşyrar ýaly gurp, ýagdaý, serişde hem hökman gerek. Irki döwürlerde tanymal alymlaryň biri hemişe “Eý, Perwerdigärim, maňa örän köp baýlyk ber, sebäbi men öran köp ýagşylyk edesim gelýär. Köp ýagşylyk etmek üçin köp serişde gerek” diýer ekeni. Gurply bolmak, baýamak — ruhy we maddy taýdan baý bolmak bagtly bolmagyň bir şertidir. Gazanç etmegiň ýollaryny öwrenmek, öz ukyp-mümkinçiliklerimizi açmagy başarmak häzirki zaman dünýäsinde iň möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Şeýle asylly maksatlardan ugur alyp, TMCARS.INFO saýtymyzyň okyjylaryny baýamagyň ýollaryny, ugurlaryny, inçeliklerini öwredýän dünýä meşhur eserler bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Bu eserler türkmen diline ilkinji gezek terjime edilýär we ilki bilenem  TMCARS.INFO saýtymyzyň okyjylaryna ýetirilýär. Okamak we peýdalanmak, eseriň täsirini durmuşymyzda görmek, maksatlarymyzy hasyl etmek hemmämize miýesser etsin!

Adam J. Jekson

BAÝLYGYŇ ON SYRY
(1-nji bölüm)

Adam akylyna daýanyp, ynanýan zatlaryna ýetmegi başarar.
Adam J. Jekson.

GIRIŞ

Haçan-da baýlyk şeýlebir çalt, bolluk bilen gelip ugranda, adam garyp günlerini ýatlap, onuň şu wagta çenli nirede bolandygyna geň galýar.
Napoleon Hill. Pikirlen-de, baýa

Altmyş bäş ýaşyna ýetende, adamlaryň togsan göterimi özüni hiç zada ýaramsyz ýa-da düýbünden çöken hasaplaýar! Diňe erkekleriň sekiz, aýallaryň bolsa iki göterimini maddy taýdan garaşsyz hemem ilatyň bir göterimini baý hasaplamak bolar. Ýöne näme üçin? Bu ýeke göterime girýän adamlar beýlekileriň bilmeýän nämesini bilýär? Olar beýlekilerden akyllymy? Bilimlimi? Kän işleýärlermi? Ýa-da ykbalyň läliksireden bagtly adamlarymy?
Bu sorag meni köp wagtlap günüme goýmady. Eger baýlyk hemme kişiniň ymtylýan zady bolsa, onda näme üçin adamlaryň ýüzden bir göterimi oňa ýetmegi başarýar?
Günlerde bir gün men bir täsin garra duşdym, ol maňa Hakyky Baýlygyň ähli syryny gürrüň berdi. Şu syrlary öwrenen islendik adam diňe bir baýlyga ýetmän, bütinleý bol-elinlige ýeter.
Hakyky Baýlyk — bu siziň bankdaky puluňyzyň mukdary ýa-da mülküňiziň köplügi we gymmaty däl, bu durmuşda isleýşiňçe ýaşamaga mümkinçilik berýän ýeterlik serişdäniň bolmagydyr. Men ähli kişiniň baý bolmaga ýeterlik güýjüniň bardygyna göz ýetirdim. Biz ýaşmy ýa garry, maşgalalymy ýa ýeke, akmy ýa gara — bu zatlaryň ähmiýeti ýok. Biziň durmuşymyzy daşky şertler, ýagny howanyň nähilidigi ýa-da tebigat dolandyranok, ol biziň öz elimizde! Haçan-da, biz öz durmuşymyzy üýtgedip, oňa jogapkär bolan wagtymyz, özümizde arzuwlarymyzy amala aşyrar ýaly ägirt güýjüň bardygyny duýarys.
Bu kitapda duşjak gahrymanlaryňyz durmuşda ýaşap ýören adamlar, şonuň üçinem beýleki rowaýatlarda edilişi ýaly, olaryň atlaryny üýtgetmeli boldum. Men olaryň durmuş ýoly size nusga bolar hemem Hakyky Baýlyga ýetmäge ruhlandyrar diýip umyt edýärin. 

Adam Jekson
Hartfordşir, noýabr 1995 ý.

(dowamy bar).

26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
10k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
14k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)