Berdimuhamedow: «Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmekde Hytaýyň goldawyny hiç wagt ýatdan çykarmarys»

  • 03.02.2022 16:49
  • 7.4k+

Hytaýly žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň haýsy ugurlarda has netijeli ösdürilýändigi bilen bagly sowala, ine, şeýle jogap berdi.

— Biz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde berkarar bolmagynyň barşynda Hytaýyň beren goldawyna, Bitaraplyk derejämize hem-de onuň binýadynda alyp barýan daşary syýasat strategiýamyza hormat bilen garandygyna ýokary baha berýäris we muny hiç wagt ýatdan çykarmarys — diýip, türkmen Lideri Türkmenistanyň «bitewi Hytaý» syýasatyny, kenarýaka gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegini we Hytaýyň parahatçylykly birleşdirilmegini hemişe berk goldaýandygyny mälim etdi.

«Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur» diýip, döwlet Baştutany türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibinde Merkezi Aziýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak meselesiniň aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.

Ýangyç-energetika ulgamy hem Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. 2009-njy ýylyň ahyrynda strategik ähmiýetli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi hem munuň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ýurdumyzyň Hytaýa çenli ugur boýunça 4-nji turbageçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny hem mälim etdi.


düýn 19:01
3.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...