Skaloni Messiniň milli ýygynda çagyrylmazlygynyň sebäbini düşündirdi

  • 28.01.2022 14:43
  • 16k+

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi koronawirusyň täsirleri sebäpli 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýunlary üçin milli ýygyndynyň düzümine çagyrylmady. Bu barada Argentinanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Lionel Skaloni aýtdy. Onuň teswirlerini “Mundo Deportivo” gazeti getirýär diýip, TASS habar berýär.

2-nji ýanwarda Messiniň koronawirus üçin tabşyran barlagy položitel netijäni berdi, 5-nji ýanwarda ol otrisatel netije berdi. Anna güni dünýä çempionatyna möhletinden ir çykan Argentinanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň oýnunda Çiliniň topary bilen oýnar, 2-nji fewralda argentinalylar kolumbiýalylar bilen duşuşar.

“Biz Messiniň ýanymyzda bolmagyny isläpdik. Men onuň bilen gürleşdim, ol koronawirusyň özüne güýçli täsir edendigini aýtdy. Häzir onuň doly derejede sagalmagy has möhüm. Şonuň üçin men onuň Parižde galmagynyň gowy boljakdygy baradaky karara geldim” – diýip, Skaloni aýtdy.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......