Ispaniýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

  • 27.01.2022 18:51
  • 4.1k+

Madrid Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi. Bu wezipä Markos Gomes Martines bellenildi. Ondan öň, Martines Ispaniýanyň Kolumbiýadaky riplomatik wekilhanasyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Gomes Martines Komplutense Madrid uniwersitetiniň hukukçy diplomyna eýe. Mundan öň ol Ýewropanyň konsul işleriniň baş müdirliklerinde dürli wezipeler işledi, Londonda konsulyň orunbasary we Kantonda (Hytaý) baş konsul, şeýle hem Täze Zelandiýada, Fidjide, Tongada, Samoada we Kuka adalarynda ilçi bolup işledi.
Ispaniýanyň Aşgabatdaky (rezidensiýasy Moskwada) ilçisi Fernando Walderrama Pareha bu wezipä 2019-njy ýylyň martynda bellenildi.


11.05.2026 22:55
984

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 13:28
4.5k+

Her dördünji ýaşaýjy – migrant: Ispaniýa 2 ýylda 2 milliondan gowrak adamy kabul etdi

2023-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda Ispaniýa 2 milliondan gowrak migrant geldi. Olaryň agramly bölegi Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenlerdir....