Sergeý Lebedewe «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly gowşuryldy

  • 20.01.2022 06:29
  • 5.5k+

18-nji ýanwarda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň GDA bilen özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Batyr Niýazliýew Sergeý Lebedewe  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurdy.

Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredildi. 2020-nji ýylyň dekabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň raýatlarynyň bir toparyny bu ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......