Türkmenistanda zerur azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilmeli görnüşleri öwrenilýär

  • 15.01.2022 16:48
  • 19k+

Hökümetiň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de onuň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, zerur azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilmeli görnüşleri öwrenilýär we olaryň üpjünçiligi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwdada dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirmek maksady bilen, daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini öwrenmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.


11.05.2026 22:55
862

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......