Syýahaty uzak aralykdan iş bilen utgaşdyrmak üçin iň gowy ýurtlar belli boldy

  • 13.01.2022 23:39
  • 7.6k+

Portugaliýa uzak aralykdan işi syýahat bilen utgaşdyrmak isleýänler üçin 2022-nji ýylyň iň gowy syýahat ugry boldy. Bu barada Lenta.ru-nyň redaksiýasyna gelip gowşan syýahaty meýilleşdirmek üçin Momondo onlaýn serwisiniň gözleg netijelerinden belli boldy.

Şeýlelikde, hünärmenler ýurtda klimatyň amatlydygyny, jenaýatçylygyň derejesiniň pesdigini, güýmenjeleriň köp görnüşlidigini, şeýle-de bahalaryň pesdigini bellediler. Ýene bir gowy tarapy – uzak aralykdan işleýänler Portugaliýa girmek üçin ýörite wiza alyp bilerler.

Zähmet çekmek we dynç almak üçin iň gowy şertleri bolan lider döwletleriň üçlügine Ispaniýa we Rumyniýa hem girdi. Onlukda Mawrikiý, Ýaponiýa, Malta, Kosta-Rika, Panama, Çehiýa we Germaniýa-da bar.

Russiýa bu sanawda Şweýsariýadan, Täze Zelandiýadan, ABŞ-dan we Çernogoriýadan öňe geçip, 48-nji orny eýeledi. Umuman alanyňda, sanawa dünýäniň 111 ýurdy girdi. Hünärmenler alty kategoriýada 22 faktor boýunça ugurlary seljerdiler: azyk we ýaşaýyş jaý bahalary, durmuş harajatlary, transportyň bahasy we elýeterliligi, saglyk we howpsuzlyk, uzak aralykdan işlemek üçin şertler, sosial durmuş we howa.


şu gün 16:31
278

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

şu gün 14:41
1.4k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

şu gün 00:59
5.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.4k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......