Russiýanyň ÝOM-y türkmenistanly talyplaryň okuwda işjeňligine minnetdarlyk bildirdi

  • 12.01.2022 23:51
  • 15k+

I.N.Ulýanow adyndaky Ulýanow döwlet pedagogiki uniwersitetiniň (UlDPU) rektory Türkmenistandan, Özbegistandan we Siriýadan gelen talyplara okuwda, talyp durmuşynda we döredijilik işinde işjeňlik görkezendikleri üçin minnetdarlyk hatyny gowşurdy. Bu barada uniwersitetiň saýtynda habar berilýär.

Ýokary okuw mekdebiniň rektory Igor Petrişew daşary ýurtly talyplaryň ene-atalaryna hat iberdi, onda talyplaryň oňat terbiýelenendikleri üçin minnetdarlyk bildirilip, uniwersitetde okan döwründe okuwda işjeňlik görkezendikleri bellenilýär.

UlDPU 1932-nji ýylda açyldy. ÝOM-da 30 kafedra, 8 fakultet we 4 sany okuw binasy bar. 1956-njy ýyldan bäri uniwersitet rus pedagogy Ilýa Nikolaýewiç Ulýanowyň adyny göterýär. Uniwersitetde 500-den gowrak daşary ýurtly talyp bilim alýar. Her ýylda taýýarlyk bölümine Müsürden, Siriýadan, Yrakdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan, Bolgariýadan, Makedoniýadan, Hytaýdan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan 70-den gowrak diňleýji kabul edilýär.


düýn 23:39
624

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......