Ýewropanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingi düzüldi

  • 06.01.2022 13:28
  • 14k+

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) Ýewropanyň iň ýokary 5 çempionatynda iň gymmat futbolçylaryň reýtingini neşir etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Reýtingde birinji orny Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunior eýeledi, ol 166,4 mln ýewro bilen bahalandyryldy. Onuň yzyndan “Mançester Sitiden” Filip Foden (152,6 mln ýewro) we Dortmundyň “Borussiýasynyň” hüjümçisi Erling Holand (142,5 mln ýewro) ýerleşdi.
Reýtingiň onlugyna şular hem goşuldy: 4. Meýson Grinwud (“Mançester Ýunaýted”) – 133,9 mln ýewro; 5. Florian Wirs (“Baýer”) – 133 mln ýewro; 6. Jud Bellingem (Dortmundyň “Borussiýasy”) – 130,1 mln ýewro; 7. Alfonso Dewis (“Bawariýa”) – 122,3 mln ýewro; 8. Ruben Diaş (“Mançester Siti”) – 120,5 mln ýewro; 9. Pedri (“Barselona”) – 118 mln ýewro; 10. Frenki de Ýong (“Barselona”) – 115,2 mln ýewro.
“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Kilian Mbappe sanawda 48-nji orny eýeledi (71,5 mln ýewro). Lionel Messi (“PSŽ) bilen Kriştianu Ronaldu (“Mançester Ýunaýted”) CIES-iň hasaby boýunça iň gymmat oýunçylaryň ýüzlügine goşulmady. 


düýn 23:07
3.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.8k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....