2021-nji ýyl üçin Ýewropanyň simwoliki ýygyndysy neşir edildi

  • 28.12.2021 19:33
  • 11k+

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) 2021-nji ýyl üçin Ýewropanyň simwoliki ýygyndysynyň wersiýasyny neşir etdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Derwezeban: Janluiji Donnarumma
Goragçylar: Ruben Diaş, Jorjio Kýellini, Leonardo Bonuççi, Sesar Aspilikueta
Ýarym goragçylar: Žoržinýo, N’Golo Kante, Kewin De Brýuýne
Hüjümçiler: Kilian Mbappe, Kriştianu Ronaldu, Robert Lewandowski
Tälimçi: Tomas Tuhel
Belläp geçsek, 11 futbolçynyň altysy Angliýanyň premýer-ligasynyň klublarynda çykyş edýär. 
IFFHS futbol taryhynyň hronikasyny ýöredýän guramadyr. Ol 1984-nji ýylyň 27-nji martynda Leýpsigde doktor Alfredo Pege tarapyndan esaslandyryldy. Häzirki wagtda ol Germaniýanyň Bonn şäherinde ýerleşýär.
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bu guramany dünýä futbolynyň ýyl ýazgylaryny ýörediji hökmünde ykrar edýär. 


düýn 23:07
3.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.1k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.8k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....