Serdar Azmun Russiýada 2021-nji ýylyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 25.12.2021 08:32
  • 7.9k+

16 sany professional tälimçilerden ybarat bolan topar “Zenit” futbol toparynyň hüjümçisi Serdar Azmuny Russiýada ýylyň iň gowy oýunçysy diýip saýlady.

Azmun ses berişlikde jemi 34 utuk toplady. Üç hünärmen oňa birinji ýeri, ýene ikisi ikinji, üçüsi üçünji orny berdi. Tälimçiler wise-ýeňiji hökmünde SSKA-nyň derwezebany Igor Akinfeýewi (28 utuk) saýladylar. Üçünji orny bolsa "Monakonyň" ýarymgoragçysy Aleksandr Golowin (21 utuk) aldy.
Olardan başga-da, ilkinji onluga şular girýär: "Zenitiň" futbolçylary Wilmar Barrios (19), Klaudinýo (18) we Artýom Dzýuba (16), "Krasnodaryň" derwezebany Matweý Safonow (14), "Soçiniň" ýarymgoragçysy Kristian Noboa (13) we "Dinamonyň" oýunçylary Sebastýan Şimanskiý (9) we Arsen Zaharýan (7).


şu gün 08:01
25

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......

düýn 19:30
2.2k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
4.4k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

13.05.2026 23:00
2.9k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....