«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

  • 14.05.2026 16:35
  • 7k+

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi.

Saýlaw topary saýlawlara gatnaşmak üçin arzalary bermegiň takyk möhletini — 2026-njy ýylyň 14-nji maýyndan 23-nji maýyna çenli (şol gün hem degişli) diýip belledi.

Mundan ozal, saýlawlary geçirmek baradaky çözgüt häzirki prezident Florentino Peres tarapyndan gyssagly geçirilen metbugat maslahatynda yglan edilipdi.

«Bagyşlaň, ýöne men wezipämden gitmekçi däl. Men täze saýlawlary belleýärin, sebäbi "Real" klubuň agzalaryna degişlidir we karary olar bermeli. Goý, başga adamlar hem dalaşgär bolsun, öz maksatnamalaryny görkezsin. Meni tankytlaýan islendik adam bu saýlawlarda dalaşgär bolup biler» – diýip, Peres belledi.

Eger bellenen möhletde birden köp dalaşgär hasaba alynsa, gönüden-göni ses bermegiň senesi we ýeri (şol sanda poçta arkaly ses bermek mümkinçiligi) goşmaça yglan ediler.

79 ýaşly Florentino Peres «Reala» jemi 20 ýyldan gowrak wagt bäri ýolbaşçylyk edýär. Bu döwürde klub ajaýyp üstünliklere, şol sanda Çempionlar ligasynyň 7 titulyna we Ispaniýanyň çempionatynyň 7 ýeňşine eýe boldy. Ýöne häzirki möwsümiň şowsuz netijeleri — La Ligada çempionlyk mümkinçiliginiň wagtyndan öň ýitirilmegi we Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda ýaryşdan gaýdylmagy klub agzalary tarapyndan ynam mandatynyň täzelenmegi üçin itergi boldy.


düýn 22:49
3.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......