Tencent bilen Alibaba kapitallaşdyrmasy boýunça iň uly kompaniýalaryň onlugyndan çykdy

  • 23.12.2021 18:21
  • 3k+

Tencent Holdings we Alibaba Group Holding bazar kapitallaşdyrmasy boýunça dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň onlugyndan çykdy. Şondan soň sanawda hytaý kompaniýalary galmady. Bu barada “Nikkei Asia” habar berýär diýip, quote.rbc.ru belleýär.

Dünýäniň iň gymmat Aziýa kompaniýasy Taiwan Semiconductor Manufacturing bolmagynda galýar (onunjy orun). Amerikan tehnologiýa ägirtleri Apple, Microsoft we Alphabet ilkinji üç orny eýeleýär. Dördünji orunda Saudi Aramco ýerleşýär, onuň yzyndan Amazon, Tesla, Meta Platforms, NVIDIA, Berkshire Hathaway gelýär.
2020-nji ýylyň ahyrynda Tencent bu sanawda ýedinji orunda, Alibaba bolsa dokuzynjy orunda ýerleşýärdi. Ýöne hytaý häkimiýetleriniň ýurduň tehnologik kompaniýalarynyň köpüsine edýän basyşy olaryň biržada bahalarynyň pese gaçmagyna getirdi. Ýagny, Alibaba ýylyň başyndan bäri özüniň bazar kapitallaşdyrmasynyň ýarysyna golaýyny, Tencent bolsa 22,9%-ini ýitirdi. 


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....