Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

  • 15.12.2021 01:20
  • 13k+

13-nji dekabrda Nýonda (Şweýsariýa) UEFA Çempionlar ligasynyň 1?8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekişligi tehniki näsazlyklar üçin ýüze çykan dawa zerarly gaýtadan geçirmeli boldy.

Ýagny, «Atletiko» we «Willareall» ispan klublary ilki çekilen bijeleriň netijelerine nägilelik bildirdiler, çünki UEFA bije çekişligiň barşynda diýseň gödek ýalňyşa ýol berdi: bije çekişlige gatnaşan öňki russiýaly futbolçy Andreý Arşawin «Willareala» garşydaş hökmünde «Mançester Ýunaýtedi» çekdi. Bu iki klub hem Çempionlar ligasynda bir  toparda oýnady we şonuň üçin hem ýewrokubok ýaryşynyň birinji tapgyrynda birek-birek bilen duşuşyp bilmez.

Gaýtadan çekilen bijeleriň netijeleri şulardan ybarat:

  • «Zalsburg» (Awstriýa) — «Bawariýa» (Germaniýa)
  • «Sporting» (Portugaliýa) — «Mançester Siti» (Angliýa)
  • «Benfika» (Portugaliýa) — «Aýaks» (Niderlandrlar)
  • «Çelsi» (Angliýa) — «Lill» (Fransiýa)
  • «Atletiko» (Ispaniýa) — «Mançester Ýunaýted» (Angliýa)
  • «Willareal» (Ispaniýa) — «Ýuwentus» (Italiýa)
  • «Inter» (Italiýa) — «Liwerpul» (Angliýa)
  • «PSŽ» (Fransiýa) — «Real» (Ispaniýa)

1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 15-16-njy we 22-23-nji fewralda geçiriler, jogap oýunlar 8-9-njy we 15-16-njy martda geçiriler.
Final oýny 2022-nji ýylyň 28-nji maýynda «Sankt-Peterburg» stadionynda geçiriler.


düýn 15:47
4.1k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.1k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.7k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.8k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......