Çempionlar ligasynyň finalynyň topy resmi taýdan tanyşdyryldy

  • 15.12.2021 01:26
  • 6.3k+

Adidas kompaniýasy 2021/22 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlary we final duşuşygy üçin niýetlenen resmi topy tanyşdyrdy. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

"Pleý-off-da ulanyljak topuň dizaýnynda tomus aýlary şäher bilen sazlaşýan ak gijelerden ylham alyndy. Termiki taýdan berkidilen gurluşa eýe bolan resmi futbol topy fewral aýynda başlaýan 1/8 finalyň ähli oýunlarynda, şeýle hem final duşuşygynda ulanylar" - diýlip, metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

1/8 finalyň ilkinji oýunlary 2022-nji ýylyň 15, 16, 22 we 23-nji fewralynda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa  8, 9, 15 we 16-njy martda oýnalar. Çempionlar ligasynyň finaly 28-nji maýda Sankt-Peterburgda geçiriler.


düýn 15:47
4.1k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.1k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.7k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.8k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......