«Mersedes» Formula-1-iň Konstruktorlar kubogynda bassyr sekizinji gezek ýeňiji boldy

  • 13.12.2021 14:27
  • 3.5k+

«Mersedes» topary Formula-1 ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň Konstruktorlar kubogynda bassyr sekizinji gezek ýeňiji boldy. 

Dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyry Abu-Dabiniň Gran-prisinden öň “Mersedes” ikinji orunda ýerleşýän “Red Bulldan” 28 utuk öňe geçdi. “Red Bulluň” sürüjisi Serhio Peres çykandan soň onuň topary “Mersedesiň” yzyndan ýetmek mümkinçiligini ýitirdi. “Red Bullda” Peresden başga-da ýaryşyň ýeňijisi we 2021-nji ýyl möwsüminde “Formula-1-iň” çempiony bolan niderlandiýaly Maks Werstappen hem çykyş edýär. “Mersedesde” britaniýaly Lýuis Hemilton we finlýandiýaly Waltteri Bottas bar.

“Mersedesiň” topary jemi 613,5 utuk gazandy, “Red Bull” liderden 28 utuk yzda. Üçünji orny “Ferrariniň” konstruktorlary eýeledi (323,5 utuk).

“Mersedes” 2014-nji ýyldan bäri kubogyň eýesi bolýar. Ýeňiş boýunça rekord eýesi “Ferraridir” (16 gezek), bu görkeziji boýunça ikinji orny “Uilýams” topary (9), üçünji orny “Mersedes” we “Maklaren” (8) eýeleýär. 


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....