«Milli ýakadan» iň täze hem moda ýakalary mugt ýükläp alyň

  • 10.12.2021 10:29
  • 13k+

Ýaka türkmen milli lybaslarynyň özboluşly aýratynlygy, gelin-gyzlarymyzyň görküne-görk goşýan bezegdir. Türkmen halkynyň baý milli mirasynyň bolşy ýaly, milli ýakalaryň görnüşleri hem örän köpdür. Tehnologiýalaryň ösen eýýamynda bolsa, kompýuter tikin maşynlarynda islendik görnüşli ýakalary aňsatlyk bilen taýynlap bolýar.

Göwün islän ýakaň kompýuter üçin niýetlenen faýlyny MUGT nireden alyp bolar?

Ine, bu soragyň jogabyny «Milli ýaka» programmasy hödürleýär. Ýakynda ulanyjylara elýeterli bolan bu programma ýaka ugrundan uzak ýyllaryň dowamynda işläp ýören hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda işlenilip düzüldi.

«Milli ýaka» programmasynyň nähili aýratynlyklary bar?

  • bu programma gelin-gyzlarymyzyň täzeden-täze, moda ýakalary gözläp, ýükläp almak isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenen;
  • Programma her gün täze ýakalar goşulýar;
  • Ýakalary mugt ýükläp alyp bolýar;
  • Ýüklenen ýakalary fleşka aňsatlyk bilen geçirip bolýar;
  • Ýakalary gönüden-göni fleşkanyň özüni telefona birikdirip hem ýükläp bolýar;
  • Fleşka geçirilen ýakalary kompýuter tikin maşynlary aňsatlyk bilen okaýar;
  • Programmadaky ýakalary Türkmenistanda iň köp ýaýran kompýuter tikin maşynlarynda ulanyp bolýar;

«Milli ýaka» programmasyny nädip ulanmaly

Ilki bilen, Play Marketden programmany ýükläp almaly. Ondan soňra katalogdan islän ýakaňy ýükläp alyp bolýar. Ýüklenen ýaka faýllary mobil telefonyň ýadynda «Milli» atly papkada saklanýar. Şeýle hem programmada çaga ýakalarynyň, fasonlaryň, nyşanlaryň, nagyşlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Programmany şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: +99364085552


10.06.2026 18:39
3.6k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.3k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4.1k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....