Antoniu Guterriş Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşar

  • 10.12.2021 10:18
  • 3.3k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2022-nji ýylda Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada guramanyň ýolbaşçysynyň metbugat sekretary habar berýär.

Guramanyň resmi wekili Stefan Dýužarrigiň aýdyşy ýaly, BMG-niň Baş sekretary Halkara Olimpiýa Komitetinden Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çakylyk aldy.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ Pekin Olimpiadasyna ýurduň resmi wekilleriniň gatnaşdyrylmajakdygy bilen bagly diplomatik boýkot (garşylyk) yglan etdi. Ýöne ol türgenlere degişli däl, ýagny ABŞ-nyň resmi wekilleri ýurduň türgenleriniň ýaryşlara gatnaşakdygyny habar berýär. ABŞ-nyň yzyna eýerip, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Kanada hem diplomatik garşylyga goşuldylar. Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bah bu meselede bitaraplygy saklaýandygyny aýdyp, Olimpiýa oýunlaryna türgenleriň gatnaşmagynyň has möhüm görkeziji bolup durýandygyny nygtady.  

XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary geljek, 2022-nji ýylyň 4 — 20 fewraly aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde geçiriler. Onda sportuň 7 görnüşi (15 dissiplina) boýunça 109 medal toplumy gowşurylar. Ýeri gelende bellesek, 2015-nji ýylda 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alnan Pekin hem tomusky, hem gyşky Olimpiýa oýunlaryny özünde kabul edilen ilkinji şäher bolar.  


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

15.03.2026 19:17
2.3k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...