Avast 2021-nji ýylyň güýzüniň iň howply kompýuter wiruslaryny mälim etdi

  • 29.11.2021 01:40
  • 3.8k+

Avast kompaniýasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça howply wiruslaryň hasabatyny çap etdi. Bu barada kompaniýa salgylanyp, msn.com habar berdi.

Kompaniýanyň laboratoriýasynyň barlagçylarynyň pikiriçe, soňky döwürde zyýanly programma üpjünçiliginiň we uzakdan aralaşyp bilýän troýanlaryň hüjümlerine duçar bolmak howpy ep-esli artdy. Olar içalyçylyk, şahsy maglumatlary ogurlamak, yzarlamak we hatda DDoS-hüjümleri üçin ulanylyp bilner.

9-njy sentýabrda “Avast”-yň hünärmenleri täze hüjüm synanyşygyny ýüze çykardylar hem-de ony böwetlediler. Üçünji çärýekde “Avast” laboratoriýasynyň topary 2021-nji ýylyň birinji çärýegine garanyňda, zyýanly programma üpjünçiliginiň hüjümleriniň töwekgelçilik derejesiniň 20%-den gowrak ýokarlanandygyny aýtdylar.

“Avast”-yň hünärmenleri adaty ulanyjylara howp salýan uzakdan aralaşyp bilýän troýanlaryň üç sany täze wersiýasyny tapdylar. Olar - wirtual maşynlardan goragly FatalRAT, Internet Explorer-iň gowşaklygyndan peýdalanýan VBA RAT, şeýle hem web kamerasyna giriş we faýl ogrulygyny goşulan Reverse RAT 2.0.


19.02.2026 12:42
1.8k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...

26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.3k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...