Eýranly derwezeban topy uzaga zyňyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 28.11.2021 16:47
  • 15k+

Eýranly derwezeban Alireza Beýranwand «resmi futbol duşuşygynda pökgini iň uzaga zyňyp» rekord goýdy. Adaty bolmadyk bu üstünlik bäş ýyl mundan öň hasaba alnypdy, emma Ginnesiň rekordlar kitabyna ol şuwagt girizildi diýip, IRNA agentligi habar berýär.

Baryp 2016-njy ýylda Dünýä çempionaty - 2018-iň saýlama tapgyrynda Günorta Koreýa garşy duşuşykda Eýranyň milli ýygyndysynyň derwezebany hüjümi tiz başlamaga synanyşyp, eli bilen pökgini 61,26 metr aralyga zyňypdyr we öz ýygyndysynyň oýunçysyny garşydaşyň derwezebany bilen birme-bir ýagdaýa çykarypdyr. Belläp geçsek, şol duşuşyk eýranlylaryň hasabyna 1:0 hasabynda tamamlandy).

Bu günki gün 29 ýaşly Beýranwand «Boawişta» portugal klubynyň derwezesini goraýar. Ondan öň, ol uzak wagtlap Eýranda çykyş etdi, geçen möwsümde bolsa «Antwerpende» oýnady.

Alireza Beýranwand Eýranyň milli ýygyndysy üçin 49 oýunda çykyş etdi. Russiýada geçirilen Dünýä çempionatynda ol uly meşhurlyk gazanypdy. Şonda ol Portugaliýa garşy oýunda Kriştianu Ronaldunyň depen 11 metrlik urgusyny gaýtarmagy başardy.


şu gün 07:18
5.9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

düýn 18:36
3.7k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

düýn 12:29
3.4k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

düýn 10:17
9.7k+

40 million janköýer Mbappeniň «Realdan» gitmegini isleýär. Futbolçynyň aýby näme?

Gynansak-da, futbol janköýerleriniň gylygy şeýle. Sähleçe hereket olaryň ýigrenjini söýgä, söýgüsini-de ýigrenje öwrüp bilýär. Ine, Mbappe-de olaryň bu häsiýetine şaýat bolmak miýesser etdi....