Awstraliýa kömre we gaza derek energiýanyň dikeldilýän çeşmesini tapdy

  • 27.11.2021 12:15
  • 5.5k+

Awstraliýa kömre garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik tapdy. Ýurtda bölekleýin ýel energiýasyna geçmäge mümkinçilik berjek elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň deňiz infrastrukturasy baradaky kanun taslamasy kabul edildi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Şeýle ädim ýurduň bahasy milliardlarça dollar bolan ilkinji ýel energetika taslamasy Star of the South-da oňyn täsir döretdi. “Bu kanun taslamasy täze pudaga badalga bermek, Awstraliýanyň deňiz ýel energetikasyndaky potensialyny durmuşa geçirmek, täze iş orunlaryny döretmek we ykdysady bähbitler üçin örän möhümdir” – diýip, Star of the South-yň baş direktory Kasper Frost Torhauge aýtdy. Taslamanyň çäklerinde 2025-nji ýylda kuwwaty 2,2 gigawat bolan ýel energetika gurluşlaryny gurup başlamak meýilleşdirilýär. 

Deňiz ýel energetikasy kömrüň ulanylýandygy üçin tankyt edilýän Awstraliýa üçin gazylyp alynýan çeşmelere täze alternatiwa bolup biler. Ýurtda energiýanyň 52%-i ekologiýa taýdan hapa hasaplanýan bu ýangyjyň, 21%-i gazyň hasabyna öndürilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyna bary-ýogy 24% düşýär. 


19.05.2026 08:02
5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

10.05.2026 11:44
5.6k+

Sidneýli pensioner lotereýada 14 million dollarlyk jaý utup, ony satuwa çykardy

Jaý RSL Queensland tarapyndan gurnalan Dream Home Art Union lotereýasynda oýnaldy. Jaý eýesiniň aýtmagyna görä, onuň ýeňşi baradaky habar ilkibaşda aldawçylyk diýip kabul edildi, sebäbi ol öň hiç haçan, hatda kiçijik baýrak hem utup görmändi...

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....