28-nji noýabrda YHG-nyň Aşgabat sammiti geçirilýär

  • 27.11.2021 06:53
  • 3.9k+

26-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Bu sammiti ýurdumyz 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde kabul eder.

 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti ýurdumyzyň YHG-da başlyklyk edýän döwründe esasy çäreleriň birine öwrüler. Häzir onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, YHG-a agza ýurtlaryň wekilleri hem-de guramanyň Sekretariaty bilen bilelikde degişli işler geçirildi.

Sammitiň Maksatnamasy taýýarlanyldy, onuň öň ýanynda türkmen paýtagtynda birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda ýokary wezipeli resmi wekilleriň duşuşygy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň işewürler maslahaty bar. Mundan başga-da, 27-nji noýabrda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabatda geçiriljek sammitiň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary hem-de umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşant goşjakdygyny belledi hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu möhüm halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlygyň, ähli guramaçylyk meselelerini toplumlaýyn çözmegiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......