Hamzat Çimaýew erkin göreşde Hermanssony ýeňdi

  • 21.11.2021 23:35
  • 8.6k+

UFC-niň şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew erkin göreşiň düzgünleri boýunça geçirilen tutluşykda UFC-niň ýene bir söweşijisi Jek Hermanssony 8:0 hasabynda ýeňdi. Çimaýew ähli utuklary birinji raundda gazandy.

Söweş Göteborgda (Şwesiýa) MMA boýunça Bulldog Fight Night ýaryşynyň çäginde geçirildi. Çimaýewiň üstünlikli çykyşyna garamazdan, söweş çekeleşikli häsiýete eýe boldy.
27 ýaşly Çimaýewiň hasabynda MMA-nyň 10 söweşinde 10 ýeňiş bar. Ol garyşyk söweş sungatyna geçmezden ozal erkin göreş bilen meşgullanýardy. UFC-de Çimaýew ýarym orta we orta agram derejelerinde çykyş edýär. 33 ýaşly Hermansson (MMA-da 22 ýeňiş, 6 ýeňliş) bolsa orta agram derejesinde çykyş edýär.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......