Serdar Berdimuhamedow Balkanda «KamAZ» serwis merkeziniň açylyşyna gatnaşdy

  • 11.11.2021 09:13
  • 27k+

10-njy noýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.

Täze desganyň açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Täze okuw-hyzmat ediş merkezi esasy dolandyryş binasyny özünde jemläp, şonda ammar binasy we abatlaýyş bölümi ýerleşýär. Toplumda awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen bölüm, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanylýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Merkeziň çäginiň köp ýeri ätiýaçlyk şaýlary saklamaga niýetlenen uly ammar üçin niýetlenýär. Şol ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi ulagyň zerur serişdelerini gysga möhletde çalyşmaga mümkinçilik berer.


düýn 11:41
2.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

11.06.2026 13:44
3.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......