Geçen 10 aýda gurluşyk, energetika, senagat toplumy kanagatlanarly işledi

  • 07.11.2021 00:00
  • 4.1k+

«Özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek zerurdyr. Gurluşyk, energetika we senagat pudaklaryna gönükdirmek üçin maýa goýumlary gözlemek hem-de bu ugra köpräk çekmek wajypdyr» diýip, Hökümetiň 5-nji noýabrda geçirilen mejlisinde türkmen Lideri nygtady we degişli ýolbaşça anyk tabşyryklary berdi.

Öňümizde örän uly möçberli gurluşyk işleri bar. Şoňa görä-de, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly möçberde üpjün etmek üçin gurluşyk senagatyny ösdürmegi dowam etmek wajypdyr. Täze önümhanalary we kärhanalary gurmak, önümçilik boýunça ähli kuwwatlyklary deňagramly ýagdaýda saklap ösdürmek zerurdyr diýip,  türkmen Lideri ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, durmuş desgalarynyň, aýratyn hem Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow bilen bilelikde iş alyp barmak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......