Aguero ýürek näsazlygy sebäpli üç aý oýunlardan çetleşdi

  • 02.11.2021 16:35
  • 4.2k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Serhio Aguero üç aý oýunlardan çykdy. Bu barada klubuň resmi Twitteri habar berýär diýip, sport-express.ru belleýär. Öň, onda ýürek aritmiýasynyň bardygy belli boldy. 

Habar berlişi ýaly, hüjümçi lukman tarapyndan bellenilen anyklaýyş we bejergi amallaryndan geçdi. Ýakyn üç aýyň dowamynda ol meýdança dolanyp bilmez. Bu döwürde saglygy dikeltmegiň takyk möhletini kesgitlemek üçin bejergi işiniň netijeliligine baha berler.
Geçen şenbe güni Aguero Ispaniýanyň çempionatynyň “Alawes” bilen oýnunyň 41-nji minutynda meýdançadan çykdy. “Barselona” Agueronyň döşünde agyry duýandygyny, şol sebäpli hassahana iberilendigini habar berdi.
Şu möwsümde 33 ýaşly oýunçy “Barselona” üçin bäş oýna gatnaşdy we bir gol geçirdi.


11.03.2026 10:50
8.9k+

ÇL-nyň 1/8 finaly: «Barselona» soňky pursatda ýeňlişden gutuldy, «Galatasaraý», «Bawariýa» we «Atletiko» ýeňiş gazandy

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça «Bawariýa» we «Atletiko» uly hasap bilen ýeňiş gazanyp, çärýek finala has ýakynlaşdylar...

10.03.2026 23:56
10k+

Laporta Messä ýadygärlik dikjekdigini aýtdy we Hawi bilen bolan gapma-garşylygy düşündirdi

«Barselona» futbol klubunyň prezidentligine dalaşgär Žoan Laporta Mundo Deportivo neşirine beren interwýusynda Lionel Messä ýadygärlik dikmek we stadionyň gurluşygy tamamlanandan soňra argentinaly hüjümçiniň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny geçirmek niýetiniň bardygy hakynda aýtdy...

07.03.2026 19:40
6.8k+

Könäni ýatlap: La Liga klublary bir tapgyry köne äheňdäki eşiklerde oýnar, ýöne «Barselona» we «Real» gatnaşmaz

La Liga Ispaniýanyň futbol taryhyna bagyşlanan «Retro Matchday» (Retro oýun güni) atly taryhda ilkinji gezek geçiriljek aksiýany yglan etdi. Resmi habara görä, 10-njy aprelden 13-nji aprel aralygynda La Ligadan (31-nji tapgyr) we Segundadan (35-nji tapgyr) jemi 38 klub meýdança öňki ýyllaryň dizaýnlaryndan ylham alnyp taýýarlanan lybaslarda çykar...

06.03.2026 17:35
8.8k+

«Barselonanyň» prezidenti wezipesine dalaşgärler bellige alyndy: klubuň başyna kim geçer?

Žoan Laporta we Wiktor Font «Barselona» futbol klubunyň prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Saýlawlara resmi taýdan gatnaşmak üçin her bir dalaşgär klubuň agzalaryndan 2337 sany gol ýygnamalydy...