Pýotr Ýan Sendhageni ýeňip, UFC-niň wagtlaýyn çempiony boldy

  • 31.10.2021 23:16
  • 5.7k+

Russiýanyň ýeňil agramdaky garyşyk söweşijisi Pýotr Ýan Abu-Dabide geçirilen UFC 267-de amerikaly Kori Sendhageni ýeňdi.

Söweş doly bäş tapgyrlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan karary bilen Ýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Hasap 49-46, 49-46, 49-46 boldy.

Şeýlelik bilen, 28 ýaşly russiýaly söweşiji promuşeniň wagtlaýyn çempiony boldy. Ilkibaşda Pýotr guşagyň häzirki eýesi Aljamein Sterling bilen jogap duşuşygyna çykmalydy. Ýöne Sterling saglyk ýagdaýy sebäpli söweşmekden ýüz öwürdi.

Ýan üçin bu ýeňiş MMA-nyň düzgünleri boýunça 18 söweşde 16-njy üstünlik boldy, Sendhagen bolsa 18 söweşde dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy.


şu gün 14:40
201

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.5k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....