Hytaýda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň medallarynyň dizaýny hödürlendi

  • 28.10.2021 23:44
  • 2.8k+

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Olimpiýa we Paralimpiýa medallarynyň dizaýnyny hödürledi. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanyp, uz.sputniknews.ru habar berýär.

Medallaryň ýüz tarapynda bäş sany Olimpiýa halkasynyň logotipi, onuň töwereginde bolsa iňlis dilinde Oýunlaryň doly ady şekillendirilen. Medallaryň yzky tarapynyň merkezinde Oýunlaryň nyşany hem-de hytaý dilinde 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň doly ady şekillendirilipdir.

Şeýle-de, yzky tarapy 24 nokady özünde saklaýan halkalar bilen bezelipdir. Bu “tükeniksiz ýyldyzly asmany” we “adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy” hem-de Oýunlaryň tertip belgisini (XXIV) aňladýar. 

Medal gutusy bambukdan taýýarlanylyp, bu “hytaý medeniýetiniň aýratynlyklaryny görkezýär we ekologiýa taýdan arassa Olimpiýa oýunlary konsepsiýasyna laýyk gelýär” diýip, guramaçylar belleýär.

XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary 4 – 20-nji fewralda, Paralimpiýa oýunlary 4 – 13-nji martda Pekinde geçiriler. Hytaýyň paýtagty 2015-nji ýylyň 31-nji iýulynda Kuala-Lumpurda geçirilen HOK-nyň sessiýasynda Olimpiadanyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy.

Pekin hem tomusky, hem gyşky Oýunlary kabul eden ilkinji şäher bolar. Tomusky Olimpiada Hytaýyň paýtagtynda 2008-nji ýylda geçirildi.


düýn 20:10
7.1k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....