Gökdepede 600 baş ata niýetlenen täze athananyň düýbi tutuldy

  • 15.10.2021 08:24
  • 5k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgany gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyna ynanyldy. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi ony buýrujy bolup çykyş edýär. Taslama laýyklykda, athanany gurmaga 15,4 gektar meýdan bölünip berildi.

Giň çäklerde desgalaryň birnäçesi, şol sanda dolandyryş binasy ýerleşdiriler. Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar desgasy gurlar. Onda dürli bejeriş bölümleri, şol sanda atlary gözden geçirmäge niýetlenen bölümler ýerleşdiriler. Toplumyň hojalyk bölümine her biri höwür atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, mallaryň 80-sine niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma hem-de birnäçe kömekçi desgalar girer.

Athanalarda oňaýly howa ýagdaýy we adaty howa çalşygy saklanar, bedewleri köpeltmek, gezdirmek, türgenleşdirmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak, çapyksuwarlaryň we seýisleriň netijeli işlemegi üçin hemme şertler dörediler. Athanada saklanyljak bedewleri iým bilen üpjün etmek maksady bilen, üsti ýapyk ammaryň we iki açyk ammaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Dabaranyň çäginde ýörite gurnalan meýdançada ahalteke bedewleriniň görkezilişi geçirildi. Atlar öz daş keşbiniň gözelligini we başarnygyny görkezip, deňsiz-taýsyz owadan kamaty bilen hemmeleri maýyl etdi.


11.05.2026 22:59
1.1k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......