Alar Karis Estoniýanyň prezidenti wezipesine girişdi

  • 13.10.2021 01:31
  • 4.2k+

Estoniýanyň täze prezidenti Alar Karis duşenbe güni parlamentde kasam kabul edip, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Baltika respublikasynyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berdi diýip, RIA Nowosti belleýär.

Prezident wezipesinden gidýän Kersti Kalýulaýd bu wezipäni 2016-njy ýyldan bäri eýeledi, ol ikinji möhlete dalaş etmedi. Kalýulaýd Karisi gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

“Estoniýanyň prezidenti wezipesine girişmek bilen, men, Alar Karis, Estoniýa Respublikasynyň konstitusiýasyny we kanunlaryny gorajakdygyma, maňa berlen häkimiýetden adalatly peýdalanjakdygyma, ähli güýjümi we başarnygymy Estoniýanyň halkynyň peýdasyna ulanyp, öz borçlarymy ynam we dogruçyllyk bilen berjaý etjekdigime kasam edýärin” – diýip, Karis aýtdy. Soňra prezident Kalýulaýdyň elinden döwlet häkimiýetiniň nyşany bolan prezident zynjyryny aldy. 

Estoniýanyň Milli muzeýiniň müdiri Alar Karis döwlet baştutany wezipesine ýeke-täk dalaşgärdi. Ol 31-nji awgustda parlamentde ses berişligiň ikinji tapgyrynda Estoniýanyň prezidenti saýlandy. Dalaşgär saýlanmak üçin halk deputatlarynyň azyndan üçden iki böleginiň sesini, ýagny 101 sesden 68-sini almalydy. Karisiň saýlanmagyna 72 deputat ses berdi. 


24.02.2025 08:58
1.5k+

Serdar Berdimuhamedow eston halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise we ýurduň ähli halkyna Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny...

26.08.2024 08:13
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Estoniýanyň Prezidenti Alar Karisi gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise hem-de ýurduň halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň...

26.02.2024 09:00
1.6k+

Serdar Berdimuhamedow Alar Karisi Estoniýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise milli baýram — Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet...

24.02.2023 11:47
3.6k+

Serdar Berdimuhamedow Alar Karisi Estoniýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden...