Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy gatnaşyklaryň ykdysadyýetine empiriki garaýyş üçin berildi

  • 12.10.2021 08:57
  • 3.8k+

Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň döwlet bankynyň baýragy kanadaly-amerikaly ykdysatçy Dewid Kardyň we amerikaly gözlegçiler Joşua Angrist bilen Gwido Imbensiň arasynda paýlandy. Bu barada Patyşalyk ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Karda baýrak “zähmet ykdysadyýetine goşan empiriki goşandy üçin” berildi. Angrist bilen Imbens baýragyň ikinji ýarysyny “sebäp-netije baglanyşygyny seljermekde metodologik goşantlary üçin” alarlar.

Şu ýylyň laureatlary zähmet bazary üçin täze garaýyşlary hödürlediler we ykdysady prosesleriň sebäbi we netijesi barada tejribe usuly bilen nähili netije çykaryp boljakdygyny görkezdiler. “Olaryň çemeleşmeleri beýleki pudaklara hem ýaýrap, empiriki gözleglerde rewolýusiýa geçirdi” – diýip, Nobel komiteti belleýär.

Alymlar tejribeleriň kömegi bilen sosial ylymlar üçin möhüm bolan sebäpleri we netijeleri ýüze çykaryp boljakdygyny görkezdiler: mysal üçin, immigrasiýanyň töleg derejesine we iş bilen üpjünçilige ýa-da dowamly bilimiň geljekdäki girdejä täsirini. 

“Esasy pursat tötänleýin wakalaryň ýa-da syýasatyň üýtgemeginiň adamlar toparlaryna dürlüçe garalmagyna sebäp bolýan ýagdaýlardan peýdalanmakdyr” – diýip, şwesiýaly hünärmenler belleýär.   

Tebigy tejribäni ulanyp, Dewid Kard pes aýlyk hakynyň, immigrasiýanyň we bilimiň zähmet bazaryna ýetirýän täsirini seljerdi. 

“1990-njy ýyllardan başlap, onuň gözlegleri umumy kabul edilen pikirlere garşy çykyp, täze seljermelere we açyşlara getirdi. Beýlekiler bilen bir hatarda, netijeler pes zähmet hakynyň ýokarlanmagynyň iş orunlarynyň azalmagyna getirmejekdigini görkezdi. Häzir biz täze immigrasiýanyň ýurtda doglanlaryň girdejilerine oňyn täsir edip biljekdigini bilýäris, immigrantlaryň öňki nesilleri bolsa otrisatel täsirlere sezewar bolup bilýär. Şeýle-de, biz häzirki zaman talyplarynyň zähmet bazaryndaky üstünlikleri üçin mekdep gorunyň öň pikir edilişinden has ähmiýetlidigine düşündik” – diýip, komitet ýazýar. 


şu gün 10:04
3.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

düýn 13:44
2.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......