Rodriges UFC Fight Night ýaryşynyň esasy söweşinde Dernden üstün çykdy

  • 11.10.2021 01:35
  • 6k+

Las-Wegasda (ABŞ) geçirilen UFC Fight Night ýaryşynyň esasy tutluşygynda braziliýaly MMA söweşijisi Marina Rodriges öz ildeşi Makenzi Derni ýeňdi. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Söweş bäş raund dowam etdi. Rodriges eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy. Hasap 49-46, 49-46, 49-46 boldy. 28 ýaşly Derniň hasabynda häzirki wagta çenli MMA-da 11 ýeňiş we iki ýeňliş bar. 34 ýaşly Rodriges bolsa şu wagta çenli 15 gezek ýeňiş gazandy, bir gezek ýeňildi we iki gezek deňme-deň boldy.

Bu tutluşykdan ozal esasy kardyň ýene iki sany söweşi bolupdy. Olaryň birinde has ýeňil agramda Mateus Nikolau (Braziliýa) eminleriň biragyzdan karary bilen (29-28, 29-28, 29-28) Tim Elliotty (ABŞ) ýeňdi. Beýleki söweşde bolsa ýarym orta agramda Rendi Braun (Ýamaýka) eminleriň biragyzdan karary bilen Jared Gudeni (ABŞ) ýeňdi (30-27, 30-27, 30-27).


düýn 18:18
2.6k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......