Klublaýyn dünýä çempionaty indiki ýyla yza süýşürilip bilner

  • 10.10.2021 14:16
  • 4k+

Şu ýyl 9-19-njy dekabr aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň indiki ýyla yza süýşürilmegi ähtimal. Bu barada euro-football.ru habar berýär.

Munuň sebäbi, Ýaponiýanyň koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar zerarly ýaryşy geçirmekden boýun towlamagy boldy. Häzirlikçe Ýaponiýanyň hökümeti keselçilik bilen bagly görkezijileriň kanagatlanarly däldigi sebäpli bütin ýurt boýunça çäklendirmeleri güýçlendirdi.

Şeýle-de bolsa, FIFA ýaryşy indiki ýyla çenli yza süýşürmezlik üçin gyssagly täze ýer tapmaga synanyşar. Bu babatda ozal Katar we BAE öz hyzmatlaryny teklip edipdi. Şeýle-de bolsa, “The Mirror” iňlis neşiriniň pikirine görä, ýaryşyň başga ýere geçirilmegine seredeniňde, onuň yza süýşürilmegi hakykata has ýakyn görünýär.


düýn 15:30
3.6k+

Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy....

12.04.2026 21:12
3.3k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......

12.04.2026 00:14
4.3k+

«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi....

11.04.2026 23:40
3.4k+

Buharestde täze guruljak stadiona Luçeskunyň ady dakylar

Buharestde «Dinamo» futbol klubunyň täze stadionyna ýakynda aradan çykan tälimçi Mirça Luçeskunyň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Bu barada Rumyniýanyň içeri işler ministri Ketelin Predoýu habar berdi diýip,......