Katar futbol boýunça dünýä çempionatynyň taýýarlygyna, takmynan, $200 mlrd sarp etdi

  • 09.10.2021 16:13
  • 9.6k+

Kataryň 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek üçin deslapky çykdajylary, takmynan, 200 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada Kataryň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi şeýh Ahmed ben Naser ben Jasim Al Tani TASS agentligine habar berdi.

Dünýä çempionaty 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda bäş şäherde we sekiz stadionda geçiriler. 

“Häzirki wagtda döwletimiz bu ýaryşy gurnamak üçin, takmynan, 200 mlrd dollar sarp etdi. Bu mukdar stadionlaryň, metrolaryň, howa menzilleriniň, täze şäheriň we portuň gurluşygy üçin çykdajylary öz içine alýar. Biz bütin dünýäni haýran etjek dünýä çempionatyny gurnap bileris diýip umyt edýäris. Biz Kataryň hemişe öňdebaryjy döwlet, özboluşly lokomotiw bolmagyny, her bir işde görelde görkezmegini isleýäris” – diýip, ilçi belleýär.

Dünýä çempionatyny geçirmek we miras almak boýunça ýokary komitetiň aragatnaşyk boýunça ýerine ýetiriji müdiri Fatma Al-Naimi stadionlaryň, türgenleşik meýdançalarynyň, topar bazalarynyň gurluşygyna, janköýerler üçin serwisleriň we beýlekileriň döredilmegine goýlan býujetiň 6,5 mlrd dollar bolandygyny, munuň hem öňki dünýä çempionatlary we Olimpiýa oýunlary bilen deňleşýändigini habar berdi.

Häzirki wagtda ýaryşa alty meýdança taýýar, beýleki ikisiniň gurluşygy 2021-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Ýaryş başlaýança Lusail şäheriniň gurluşygy hem belli bir derejede tamamlanar. Bu ýerde 80 müň tomaşaçy üçin niýetlenen adybir stadionda dünýä çempionatynyň finaly geçiriler. 


şu gün 13:41
6.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
5.3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......