Konferensiýalar ligasy: «Kaýratyň» ilkinji ýeňlişi, Harri Keýniň het-trigi

  • 01.10.2021 12:34
  • 10290
Konferensiýalar ligasy: «Kaýratyň» ilkinji ýeňlişi, Harri Keýniň het-trigi

30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabra geçilýän gije Konferensiýalar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi.

H topardaky oýunlarda Şweýsariýanyň «Bazeli» öz meýdançasynda Gazagystanyň «Kaýratyndan» üstün çykdy. Bazelde geçen duşuşykda Gurban Berdiýewiň şägirtleri 4:2 hasabynda ýeňildiler. «Bazelden» Artur Kabral, Mihael Lang (dubl) we Den Ndoý; «Kaýratdan» Žoze Kante we Rikardu Alweş tapawutlandy.
Topardaky ugurdaş duşuşykda Azerbaýjanyň «Karabahy» 4:1 hasabynda Kipriň «Omoniýasyndan» üstün çykdy.

С toparda Italiýanyň «Romasy» Ukrainanyň «Zarýasyndan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Gollar: Stefan El-Şarawi, Kris Smolling, Temmi Abraham.
Topardaky ugurdaş duşuşykda Sofiýanyň «SSKA-sy» Norwegiýanyň «Bude-Glimt» kluby bilen 0:0 hasabynda çeňme deň oýnady.
 

G toparda Londonda «Tottenhem» slowenleriň «Murusyny» 5:1 hasabynda ýeňdi. Harri Keýn het-trik etdi.
Ugurdaş duşuşykda fransuzlaryň «Renn» kluby niderlandlaryň «Witessini» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Е toparda «Feýenord» öz meýdançasynda Çehiýanyň «Slawiýasyny» 2:1 hasabynda, nemesleriň «Union Berlini» bolsa öz meýdançasynda Haýfanyň «Makkabisini» 3:0 hasabynda ýeňdi.

F toparda PAOK we «Slowan» 1:1 hasabynda oýnady, «Kopengagen» bolsa öz meýdançasynda «Linkoln Red Imps» klubuny 3:1 ýeňdi.

Konferensiýalar ligasynyň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri:

А topar
"Alaşkert" (Ermenistan) - HIK (Finlýandiýa) - 2:4,
LASK (Awstriýa) - "Makkabi" (Tel-Awiw, Ysraýyl) - 1:1,

В topar
"Partizan" (Serbiýa) - "Flora" (Estoniýa) - 2:0,
"Gent" (Belgiýa) - "Anortosis" (Kipr) - 2:0,

D topar
ÇFR (Rumyniýa) - "Ranners" (Daniýa) - 1:1,
AZ (Niderlandlar) - "Ýablones" (Çehiýa) - 1:0.


düýn 11:41
9729

Argentinanyň ýygyndysy we FIFA Diego Maradonany hatyralady

Argentinanyň futbol boýunça ýygyndysy we Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylary Katardaky dünýä çempionatynyň çäklerinde Diego Maradonany hormat bilen ýatladylar diýip, Associated Press agentligi habar...

düýn 03:55
14758

Dünýä çempionaty — 2022-niň 7-nji oýun gününiň netijeleri

Dünýä çempionaty — 2022-niň 7-nji oýun güni tamamlandy. 26-njy noýabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 2-nji tapgyrynyň 4 sany duşuşygy geçirildi. С topar Doha, «Edýukeýşn siti stadiony» Polşa – Saud Arabystany –...

düýn 02:15
12818

Messi dünýä çempionatynda Argentina ilkinji ýeňşini getirdi

Argentinanyň milli ýygyndysy Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Meksikadan üstün çykdy. Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Argentinalylar...

26.11.2022 23:30
7999

Fransiýa Daniýany ýeňip, ilkinji bolup dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Daniýadan üstün çykdylar. Dohada geçirilen duşuşyk 2:1 hasap bilen tamamlandy. Fransiýanyň...