Deniel Kreýg Jeýms Bonduň keşbi bilen hoşlaşdy

  • 24.09.2021 14:16
  • 8k+

Britaniýanyň gizlin gullugynyň agenti Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetiren aktýor Deniel Kreýg kinoepopeýasynyň surata düşürilişiniň soňky gününde hoşlaşyk sözüni aýtdy. Bu barada “The Daily Mail” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Aktýor 15 ýylyň dowamynda aňtawçynyň keşbini ýerine ýetirdi, ol ilkinji gezek “Kazino roýal” (2006) filminde peýda boldy. Kreýgiň gatnaşmagynda “agent 007” hakynda jemi bäş film surata düşürildi, olardan iň soňkusy – “Ölmegiň wagty däl” şu ýylyň oktýabr aýynda çykarylar. 

Iň soňky surata düşürilişde Kreýg Jeýms Bond hakynda filmiň döredilmegine gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. 

“Men munuň bilen köp wagt bäri meşgullanýaryn we siziň käbirleriňiz bilen karýeramyň köp böleginde bile işleşdim. Bu 30 ýyl töweregi. Siziň köpüňiz bolsa meniň bilen bäş filmde-de zähmet çekdiňiz” – diýip, aktýor minnetdarlygyny bildirdi.

Kreýg “bu filmleriň her bir sekuntyndan, hususan-da iň soňky filmden lezzet alandygyny” aýtdy. Ol birnäçe ýyl ýerine ýetiren keşbi bilen hoşlaşmagyň örän kyndygyny hem boýun aldy. 

“Meniň bu wezipedäki hyzmatym eýýäm tamamlandy, ýöne bu has uly bir zadyň bölegidir. Men yzyma garaýaryn we... Men çyn ýürekden şeýle hasaplaýaryn. Bu filmleri ýadyma düşürip, olara buýsanýaryn. Biz olaryň üstünde örän köp zähmet çekdik” – diýip, Deniel Kreýg belledi.

05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....