74 ýaşly Guus Hiddink tälimçilik karýerasyny tamamlady

  • 12.09.2021 07:33
  • 5.2k+

Meşhur niderlandly tälimçi Guus Hiddink özüniň tälimçilik karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada championat.com habar berdi.

“Soňky wagtlar men koronawirus sebäpli işlemedim. Indem şeýle boldy: düýn ýolbaşçylar bilen gürleşdim we häzirlikçe saklananyňdan gowusy ýok diýen netijä geldik, sebäbi olar başgaça çemeleşip görmek isleýärler. Men saklanmak isleýärin. Gutarnykly" diýip, "SBS 6" teleýaýlymy 74 ýaşly tälimçiniň sözlerini getirýär.

Belläp geçsek, Hiddink 2020-nji ýyldan bäri Kurasaonyň milli ýygyndysyna tälim berýärdi.  Hünärmen öz karýerasynda Niderlandlaryň, Günorta Koreýanyň, Awstraliýanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň milli ýygyndylaryna tälim berdi hem-de klub derejesinde "PSV", "Fenerbahçe", "Walensiýa", Madridiň "Realy", "Betis", "Çelsi" we "Anji" toparlarynda zähmet çekdi. Ol Kurasao gelmezden ozal Hytaýyň olimpiýa milli ýygyndy toparyna hem ýolbaşçylyk edipdi.


düýn 15:47
4.2k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.2k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.8k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......