BMW 2021-nji ýylyň ahyryna çenli täze BMW X8 krossoweriniň önümçiligini işe girizer

  • 31.08.2021 10:45
  • 20k+

ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynyň Spartanberg şäherindäki BMW zawody 2021-nji ýylyň ahyryna çenli dünýä bazary üçin niýetlenen “ýokary derejeli täze modeliň” önümçiligine başlar. Bu barada CNBC teleýaýlymyna BMW-niň ýolbaşçysy Oliwer Sipse aýtdy diýip, avtonovostidnya.ru habar berýär.

Ýöne ol täze modeliň ady we beýleki jikme-jiklikler barada maglumat bermedi. Eger-de Carscoops insaýderlerine ynansaň, gürrüň BMW X8 täze flagman krossoweri barada bolmaly, onuň prototipleri eýýäm birnäçe wagtdan bäri köpçülikleýin ýollarda synagdan geçirilýär.

“Seriýa” krossoweriň hem goşuljakdygyny görkezýän ýene bir faktor, Günorta Karolinadaky adaty ýoldan daşary niýetlenen awtomobilleri çykarmaga gönükdirilen zawodyň “ýöriteleşdirilmegidir”. Hut şu zawodda BMW X3, X4, X5, X6 we X7 ýaly modeller öndürilýär.

X8 barada aýdylanda, ol häzirki X7 flagmandan uzyn we uly bolar, şeýle-de eňňitli üçegi we ýapgyt goş goýulýan ýeri bolan stile laýyk küpe görnüşli kuzowa eýe bolar. Täze modeliň hereketlendirijilerinden biri 4.4 benzin turbo sekizligine we 750 at güýji bolan elektrik motoryna esaslanýan gibrid kuwwatly gurluş bolmaly. 

Täze modeliň premýerasy ýa-ha 2021-nji ýylyň ahyrynda, ýa-da 2022-nji ýylyň başynda geçirilmeli. 

düýn 19:09
10k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....

düýn 11:03
2k+

Tesla 9 ýyl öň söz beren Roadster elektrokaryny tanyşdyrmaga taýýarlanýar

Ilon Mask 2017-nji ýyldan bäri garaşylýan Tesla Roadster elektrokaryny ýene-de hemmäniň üns merkezine getirdi. Täzeligiň tanyşdyryş dabarasy aprel aýynyň ahyryna bolar. Ýöne gyzykly ýeri, bu gezek köpçüligiň......

düýn 10:47
2.3k+

Ford kompaniýasynyň baş direktory seýrek De Tomaso Pantera sport awtoulagyny satuwa çykardy

Ford kompaniýasynyň baş direktory Jim Farley 1970-nji ýyllarda öndürilen De Tomaso Pantera sport awtoulagyny Bring a Trailer auksionynda 127 000 dollar bahadan satdy. Bu awtoulagyň özboluşlylygy - onuň......

15.04.2026 11:36
3.9k+

Şu ýyl boljak 6 uly premýera: BMW öz modelleriniň giň gerimli täzelenmesini taýýarlaýar

BMW 2026-njy ýylda alty täze modeli we täzelenmäni, şol sanda Neue Klasse platformasyndaky elektrik awtoulaglary we meşhur krossowerleriň täzelenen görnüşlerini hödürlär....