Kofeniň myşsalar üçin peýdaly taraplary ýüze çykaryldy

  • 30.08.2021 17:45
  • 9.7k+

Hünärmenler kofeniň adamyň myşsalaryna nähili täsir edýändigini öwrendiler. Netijede, dogry ulanylan halatynda içginiň beden üçin bejeriji täsiriniň bardygy anyklanyldy. Bu barada terrnews.com habar berdi.

Ortoped lukmanlar we fiziologlar kofe içmegiň myşsalaryň güýçli bolmagyna we ýaşyň gitmegi bilen ep-esli ýaramazlaşýan bogunlaryň hereketjeňliginiň gowulaşmagyna kömek edýändigini belleýärler. Irden gyzgynjak kofe içmek diňe bir şähdiňi açman, eýsem, bejeriji täsire hem eýedir. Ol agramyň ýeňlemegine we bagryň işiniň gowulaşmagyna kömek edýär.

Ýaponiýadaly barlagçylar Pensilwaniýaly ortoped hirurg we lukmançylyk ylymlarynyň doktory Metýu Warakallo bilen awtordaşlykda skelet myşsasynyň görnüşlerini öwrendiler we kofeniň yzygiderli ulanylmagynyň olara oňyn täsir edýändigini anykladylar. Şunuň bilen baglylykda geçirilen pikir soralyşygyna 45-74 ýaş aralygynda bolan 6369 adam gatnaşdy.

Alymlar kofeniň çişmä garşy täsirleriniň hem bolup biljekdigine ynanýarlar. Emma bu çaklama heniz tassyklanmady. Mundan başga-da, kofe içgisi akylly-başly ulanylanda ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny-da peseldýär. Ýüregiň işjeň bolmagyna kömek edýär we myşsa dokumalaryny işjeňleşdirýär.

düýn 14:18
4.3k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......