Halkara ummanlar instituty bilen guralan wideoduşuşyk Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy

  • 22.08.2021 16:53
  • 4.1k+

Hazar deňzi institutynyň edara binasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna - Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we geljegi” atly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Hazar deňzi institutynyň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ummanlar institutynyň Şweýsariýaday, Maltadaky, Germaniýadaky, Gondurasdaky hem-de Albaniýadaky wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Hazar gepleşikleriniň taryhy ähmiýeti, türkmen Lideriniň öňe süren täze Hazar ekologiýa maksatnamasy, Milli deňiz ylmy-bilim merkezini döretmegiň meseleleri, VI Hazar sammitine görülýän taýýarlyk işleri,  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijesinde kabul edilýän resminamalaryň durmuşa geçirmek işleriniň Halkara deňiz hukugy okuw dersiniň meýilnamasyna girizilmegi, Hazar deňzinde deňiz ylmy gözlegleri kämilleşdirmegiň meselelerini ýokarlandyrmak, halkara deňiz konwensiýalary we olaryň Hazar deňzine degişlilikde ulanylyşy we başga-da birnäçe mowzuklar boýunça çykyşlary diňlediler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Halkara ummanlar institutynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ol deňiz bilen bagly iş alyp barýan hünärmenleriň giň toplumynyň hünär derejesini kämilleşdirmek, Türkmenistanda institutyň ýörite okuw sapaklaryny guramak, şeýle-de Kanadada, Maltada, Hytaýda we beýleki ýurtlarda ýerleşýän ylmy merkezlerde türkmen hünärmenleriniň tejribesini artdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

Ýakyn wagtlarda Hazarýaka sebitde möhüm halkara çäreleriň birnäçesi — Azerbaýjanda Tähran konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 6-njy maslahaty, Russiýada ikinji Hazar ykdysady forumy, Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammiti geçiriler. Häzirki wagtda kenarýaka ýurtlaryň degişli ministrlikleri we pudak edaralary öňde boljak çäreleri ýokary derejede guramak üçin taýýarlyk işlerini güýçli depginde alyp barýarlar.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......