«Barselonanyň» prezidenti klubuň maliýe kynçylyklary barada aýtdy

  • 17.08.2021 12:38
  • 11k+

«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta katalon klubunyň maliýe kynçylyklary barada gürrüň berdi diýip, sport-express.ru belläp geçýär.

“Biziň 553 million möçberinde otrisatel dolanyşykdaky kapitalymyz bar. Bu uly pul bolup, biziň nähili ýagdaýdadygymyzy görkezýär. Klubuň girdejisiniň 103%-i aýlyklara sarp edilýär. Bu görkeziji biziň bäsdeşlerimiziňkiden 20-25 san köpdür. Bank karzy ep-esli köpeldi, töleg borçnamalary bolsa 1,35 mlrd ýewro çenli ýokarlandy” – diýip, Laporta metbugat konferensiýasynda aýtdy.

«Barselonanyň» prezidentiniň aýtmagyna görä, maliýe ýyly üçin ýitgi 481 mln ýewro boldy. Şeýle-de, katalon klubuna ýylda 1,1% bilen karz görnüşinde 550 mln ýewro almak başartdy.

La Liganyň täze möwsümi geçen hepde başlandy. Kataloniýalylar möwsüme ýeňiş bilen başladylar. Olar “Real Sosýedady” 4:2 hasabynda utdular.


10.06.2026 10:53
8.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

04.06.2026 23:46
6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

01.06.2026 16:29
4.9k+

«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy

«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli......