RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda 2021-nji ýylyň 4 – 11-nji sentýabry aralygynda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň ilkinji oýunlary geçiriler. Şu güne çenli Oýunlara iki müňden gowrak gatnaşyjynyň islegi yglan edildi, şolardan 1500-e golaýy azerbaýjanly, ermenistanly, belarusly, gazagystanly, gyrgyzystanly, moldowaly, russiýaly, täjigistanly, türkmenistanly we özbegistanly (14 – 23 ýaş aralygyndaky) türgenlerdir – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň resmi websaýtyna salgylanyp habar berýär.
Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýakynda Respublikanyň Hökümet binasynda Guramaçylyk komitetiniň öňde duran oýunlara taýýarlygy barada deslapky maslahaty geçirdi.
«Bu diňe bir sport baýramçylygy däl, eýsem, umumy taryh, medeni we ruhy gymmatlyklar bilen özara bagly halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň nyşanydyr» diýip, Rustam Minnihanow şeýle ýaryşlaryň ilkinji gezek geçirilýändigini hem belläp geçdi: «Bu, guramaçylar üçin uly jogapkärçilikdir, şonuň üçin çäre iň ýokary derejede geçirilmelidir».
Öňümizdäki Oýunlaryň nyşany sumrug guş, resmi tumary bars bolar.
Türkmen sportçulary yglan edilen 16 sport görnüşinden 10-syna: strit bol, boks, guşakly göreş, dzýudo, karate, kuraş, ok atma, sambo, sport göreşi we taý boksy boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.
Belläp geçsek, bu Oýunlary geçirmek pikiri üç ýyl ozal Duşanbe şäherinde Döwlet baştutanlary Geňeşiniň mejlisinde makullanypdy.
Arassaçylyk-epidemiologik ýagdaý we howa gatnawyndaky kynçylyklar zerarly Oýunlar has yza süýşürilipdi.